TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki ýurduň Liderleri birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar.

Özbegistanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy giň bäsleşik esasynda Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, milli Liderimiziň häzirki zaman Türkmen döwletiniň ösüşinde hem-de halkara abraýynyň belende galmagynda ägirt uly goşandynyň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we mähirli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň syýasaty dowam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşine döwletara gatnaşyklarynyň we amala aşyrylýan bilelikdäki işleriň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriler we berkidiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak esaslaryna daýanýan we häzirki zamanyň, şol sanda sebitde we dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak arkaly ýola goýulýan we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Milli Liderimiz Özbegistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine berdi.

Özbegistanyň Prezidenti saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanan Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny tüýs ýürekden gutlap, oňa bu jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglar we iň gowy arzuwlar üçin Şawkat Mirziýoýewa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň öňki Prezidentiniň başlan syýasy ugruny dowam etjekdigini, hususan-da, ikitaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumyny giňeltmek, iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine täze taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görjekdiigini nygtady.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, dostlukly Özbegistanyň Baştutanyna berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk döwletiň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.