Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta möhletleýin we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.
Türkmenistanyň içerki önüminiň 2016-njy ýylda ösüş depgini 6,2% deň boldy. Döwlet býujetiniň 2016-njy ýylda girdeji bölegi 102%, çykdajy bölegi bolsa 86,5% deň boldy. Býujetiň girdeji böleginiň 80% durmuş ulgamyny maliýeleşdirilmäge gönükdirildi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda doly möçberde maliýeleşdirildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllaryň içinde adaty bolan pudaklar, ýagny nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilen işleriň çäklerinde orta möhletleýin geljekde ýokarda agzalan pudaklary mundan beýläk ösdürmäge gönükdirilen ýörite maksatnamalar işlenip düzüldi.Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen özüniň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 119 sany ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar. 2016-njy ýylyň jemi boýunça bölekleýin satuwyň hem ösüşi, ýagny ol 48,9 milliard manata deň bolandygy bellenildi.
Ykrar edilen tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän, şeýle hem geografik ýerleşiş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Türkmenistan özüniň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny, hususan-da, energetika pudagynda, türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary daşamagyň serişdelerine hyzmatdaşlaryň deň ygtyýarlylygyny üpjün etmek esasynda alyp barýar. Bu türkmen energiýa geçirijilerini halkara energetika bazaryna çykarmak üçin köpugurly ulag-turbageçiriji infrastrukturalarynyň döredilmegini göz öňüne tutýar.
Şuňa laýyklykda, ýurt adaty ulanýan ugurlary bilen bir hatarda, 2009-njy ýylda özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegi üçin iki sany täze iri taslamany, ýagny Türkmenistan-Hytaý we Türkmenistan–Eýran ugry boýunça ikinji gaz geçirijisini amala aşyrdy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirijisini hem hyzmatdaşlary bilen durmuşa geçirmeklige içgin girişdi.
Türkmenistan energiýa geçirijilerini Ýewropa döwletlerine ýetirmek babatda hem içgin gyzyklanmak bilen garaýar. Tebigy baýlyklar bilen birwagtda Türkmenistanyň energetika pudagynyň diwersifikasiýa strukturasy, ilkinji nobatda uglewodorod çig malyna esaslanan, senagatyň gaýtadan işleýän täze pudaklaryny döretmegiň üsti bilen yzygider amala aşyrylýar. Bu sebitiň ajaýyp geografiki ýerleşişini hasaba almak bilen, Merkezi Aziýa we Hazar zolagynda Türkmenistan halkara ulag taslamalaryny bilelikde işläp düzmegi möhüm hasaplaýar.
Türkmenistanyň energiýa ulgamy Merkezi Aziýanyň birleşen energiýa ulgamy bilen baglanyşykly we elektrik energiýanyň köp bölegini Owganystana, Eýrana, Türkiýä, Täjigistana we sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge ukyply. Ýurduň energetika pudagynyň potensialy yzygiderli artdyrylýar: täze elektrostansiýalar we elektrogeçiriji ulgamlar gurulýar, bar bolan energetiki desgalaryň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda Mary we Lebap welaýatlarynda ýokary woltly elektrogeçirijisi bolan asma liniýalaryň, podstansiýalaryň toplumy gurlup ulanylmaga berildi. Şu işler gutarandan soňra Türkmenistan özüniň Owganystana eksport edýän elektrik energiýasyny artdyrdy. Şonuň ýaly hem, döredilen kuwwatly elektrik energiýany Pakistana we Täjigistana eksport etmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň himiýa we nebithimiýa toplumy dag himiýasyndan, esasy himiýadan, plastmas önümlerini öndürmekden, hojalykda ulanylýan himiki önümlerden hem-de senagatda peýdalanylýan uglerody öndürmekden ybarat bolup durýar.
Lebap welaýatynyň Gowurdak-Köýtendag ýerlerinde täze kaliý duzlarynyň ýataklary açyldy hem-de 2009-njy ýylda welaýatyň Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlandy. Kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlanmagy, munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetine täze bir ulgamyň goşulýandygyny aňladýar. Şeýlelikde, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagy ýylda 1-den 1,5 million tonna çenli dökünleri öndürmäge ukyply, gelejekde bolsa 4 million tonna çenli artdyrylar. Toplumyň birinji nobatdakysynyň bahasy ABŞ-nyň bir milliard dollaryna barabardyr.
Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň (demir we gara ýollarynyň, deňiz we derýa portlarynyň, turbageçiriji ulaglaryň) ösmegine bütin ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam edýän infrastrukturanyň esasy düzüjisi hökmünde uly ähmiýet berýär. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen ulag ulgamyndaky uly göwrümli halkara taslamalary sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi berer.
2016-njy ýylda Aşgabatdaky Halkara howa menzilini, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyry işe girizildi.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokarlanmagy bilen ýük daşamaklygyň göwrümi hem artýar. Geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde, 2016-njy ýylda ýük daşamaklygyň göwrümi 101,3% artdy. Häzirki wagtda Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar-Gündogar” geçirijiler boýunça demir ýol ýüklerini daşamaklygyň halkara transmilli merkezleriniň iň irisi bolup durýar.
Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 1400 km barabar bolan Şanhaý bilen Frankfurtyň arasynda gurlan Transaziýa-Ýewropa optiki süýümli geçiriji, radioreleý geçirijileri guruldy. Türkmenistanyň ilatly ýerleri durnukly aragatnaşyk bilen üpjün edildi.
Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň wajyp wezipelerine ilaty doly derejede azyk önümleri bilen üpjün etmek, gaýtadan işleýiş senagatyny çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligi ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklary ýola goýmak we yzygiderli azyk howpsuzlygyny üpjün etmek girýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan özüni esasy azyk önümleri bilen doly üpjün edýär. 2011-nji ýylda Türkmenistan gallany eksport ediji ýurtlaryň hataryna girdi. Şol ýylda 217 müň tonna däne satuwa çykaryldy, onuň arasynda 150 müň tonna bugdaý, galany un görnüşinde çykaryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda täze döwrebap ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen, eksporta gönükdirilen dokma senagaty guruldy we öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 60 sany dokma toplumlary we kärhanalar işe girizildi. Bu bolsa ýurtda pagta süýümini öndürmegiň kuwwatyny 3%-den 55%-e çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriniň 80% töweregi Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, ABŞ-na, Kanada, Russiýa, Türkiýä, Wengriýa, Hytaýa, Baltika ýurtlaryna, Ukraina we beýleki ýurtlara ugradylýar.
Ykdysadyýetiň maliýe goýum görkezijileriniň ýokary derejede bolmagy Türkmenistanyň gurluşyk toplumynyň tiz depginler bilen ösmegine getirdi. Senagat, dynç alyş, medeni ugurlara gönükdirilen “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy ýaly uly göwrümli gurluşyk taslamalaryndan başga-da ýurduň içinde ýaşaýyş jaý gurluşyklary hem alnyp barylýar. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplary we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama amala aşyrylýar. Onuň esasy wezipeleri oba ilatynyň durmuşynyň ýokary derejesini, hemme ilatly ýerleriň deňagramly durmuş ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurtda ýokary ýeňillikli ýaşaýyş ipotekasy giň gerime eýe boldy.