2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan «Awaza» taslamasy geljekki onýyllyklar üçin ýurduň strategiki meýilnamasynda aýratyn orny tutýar, şonuň üçin ol dünýä arhitekturasynyň we inžener-tehniki pikirleriniň iň öňdebaryjy üstünliklerini, döredijilik ideýalary özünde jemlemäge mynasypdyr. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bahasy 1,5 milliard ABŞ dollaryndan artdy.
Gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäginde 10-15 sany dünýä derejesindäki sanatoriýalar we myhmanhanalar ulanylmaga berildi. Dynç alyş we göwün açyş industriýasynyň – akwaparklaryň, ýaht we sport klublaryň, restoranlaryň, kempingleriň, dürli görnüşdäki attraksionlaryň we söwda merkezleriniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda ýedi kilometrlik emeli derýa kurortyň bütin meýdanyny kesip geçýär. Bu gidrotehniki desganyň iki tarapynda hem abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy ýerleşer, bu ýerde baýdarkada, kanoeda sport bäsleşikleri we ýelkenli regata geçiriler.
Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara aeroporty ulanylmaga berildi, «Awaza» awtomobil ýoly çekmek, kuwwatly gazturbina elektrostansiýany, deňiz suwuny süýjediji desgasyny, arassalaýjy desgany gurmak, agyz-suw ulgamyny çekmek boýunça işler güýçli depginde alnyp baryldy. Deňiz menzili doly kämilleşdiriler, deňiz kruizy üçin täze teplohodlar, ýahtalar we beýleki gämiler bilen flotuň üsti ýetiriler. Türkmenbaşy şäheri Ýewropa bilen Günorta Aziýa döwletlerini gysga ýol boýunça birleşdirmek üçin gurulýan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň demir ýol merkezine öwrüler.
Syýahatçylyk zolagynyň çägi giňeldilip, onuň meýdany bäş müň gektara çenli artdyryldy. Bu taslamanyň üçünji tapgyrynda birnäçe kazinoly we dynç açyş merkezli özboluşly türkmen «Las Wegasy» peýda bolar.
Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýyş şertleri düýbünden özgerer. Köne şäher täze ýere göçüriler. Onuň ýanynda döwrebap ýokary şertli ýaşaýyş jaýlar bilen hem-de ähli zerur infrastruktura bilen üpjün edilen täze şäheriň gurluşygyna başlanylar.