Türkmenistanyň daşary syýasaty onuň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Konstitusion kanuny, Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde daşary syýasy Konsepsiýasy we beýleki kanunçykaryjy namalar esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty içeri syýasatynyň logiki dowamy bolup, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesi bilen kesgitlenýär.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri:
- Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlygyny gorap saklamak we berkitmek, onuň halkara gatnaşyklary ulgamynda ähmiýetini we tutýan ornuny ösdürmek;
- Döwletiň içerki ösüşi üçin iň ýokary amatly daşary-syýasy şertleri döretmek;
- Diplomatik gatnaşyklaryň halkara tejribesinde bar bolan ähli görnüşleri bilen Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak we amala aşyrmak;
- Türkmenistanyň howpsuzlygyny syýasy, diplomatik serişdeler bilen üpjün etmek;
- deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek;
- Türkmenistanyň daşary syýasy hereketleriniň halkara hukugyna we BMG-niň Düzgünnamasyna doly laýyklygyny üpjün etmek.