TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün, 15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda milli Liderimiz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz türkiýeli dostuna we kärdeşine netijeli döwletara gatnaşyklary hem-de ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, öz nobatynda, milli Liderimizi giň bäsleşik esasynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu saýlawlar Türkmenistanda amala aşyrylýan giň demokratik özgertmeleriň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly üstünlikleri soňky 15 ýylda Türkmen döwletine baştutanlyk eden hut Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşyklydyr. Rejep Taýyp Ärdogan döwleti dolandyrmaga has ýaş, gujur-gaýratly ýolbaşçylara bermek baradaky parasatly çözgüdini makullap, döwlet Baştutanymyza täze ugurda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine geçirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi

Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň öňki Prezidentiniň başlan ýoluny dowam etdirjekdigini, hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri görjekdigini hem-de ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türk Liderine berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk döwletiň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.