TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş sapary bilen geldi.

Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Baku şäheriniň Kongresler merkezine ugrady. Bu Forumy Azerbaýjan 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklyk ediji ýurt hökmünde geçirýändir.

Kongresler merkezine geleninden soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Dostlukly salamlaşanlaryndan soňra iki goňşy döwletiň baştutanlary Sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Forumyň resmi banneriniň öňünde däp bolan bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra Bakuwyň Kongresler merkezinde Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII Sammitiniň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, G-77 we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bardyr.

Häzirki döwrüň howply wehimlerine we töwekgelçiliklerine bilelikde garşy göreşmek, oňyn syýasy gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyrylmagy boýunça durmuşa geçirilmeli indiki hereketler, ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda önjeýli hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegi bilen birlikde sebit we global meseleleriniň derwaýys ugurlaryň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu duşuşygyň gün tertibine girizilendir.