TÜRKMEN-NORWEGIÝA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Oslo ş.) Ole Ýohan Býernoý we Norwegiýanyň DIM-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Per Albert Ilsaas bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-norwegiýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine iki ýurduň ygrarlydygyny belläp geçdiler. Taraplar ýokary derejeli saparlaryň işjeňleşdirilmegi babatynda pikir alyşdylar.

Halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri bilen bagly garaýyşlaryň meňzeşligini bellemek bilen, taraplar abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda öz wagtynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň we iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda  gatnaşyklaryň goldanylmagynyň ähmiýeti barada nygtaldy. Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmegiň çäklerinde iki ýurduň garaýyşlary beýan edildi.

Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak boýunça proseslere birnäçe ýyllaryň dowamynda ýardam berýän Bitarap Türkmenistanyň tagallalaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Norwegiýanyň diplomatlaryny Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmak we bu ýurduň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm şertleri döretmek boýunça Türkmenistanyň döwlet syýasaty we daşary syýasy başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň hem-de işewür toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Şeýle-de bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeni ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.