TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Lamberto Zanýer bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda bilelikdäki işleriň ynsanperwerlik jähtlerine aýratyn üns bermek arkaly Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň ÝHHG-niň meýdançasynyň çäkleri bilen bir hatarda demokratik gymmatlyklarynyň we tejribeleriniň ilerledilmegine ygrarlydygy hem bellenilip geçildi.

R.Meredow Türkmenistanyň Hökümetiniň jemgyýetiň ähli agzalarynyň hukuklarynyň goraglylygynyň we durmuşa hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berilýändigini nygtady, bu bolsa Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Herketleriň milli Meýilnamasynda öz beýanyny tapýandyr. Taraplar milli azlyklaryň we olaryň jemgyýete goşulmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar dünýäde dowam edýän pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen özarahereketleriň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklaryna hem seredip geçdiler. ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary tarapyndan ÝHHG-niň gatnaşyjy-döwletleri üçin işlenilip düzülen hem-de COVID-19-a garşy göreşmek boýunça çäreleriň milli azlyklara degişli bolan şahslar bilen birlikde jemgyýetiň ähli agzalarynyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagyna gönükdirilen birnäçe teklipleriniň Türkmenistan tarapyndan dolulygyna goldanylýandygy hem aýratyn bellenildi.

Diplomatlar bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we sebitleýin köpgyraňly medeni gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.