TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşigiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly birnäçe meseleleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň, strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň ýokary ähmiýete eýedigi barada bellediler.

Şeýle hem 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Sian şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen «Merkezi Aziýa - Hytaý» Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň geçirilmegi bilen bagly taýýarlyk meselelerine seredildi.

Daşary işler ministrleri dört sany esasy ugurlar: söwda, energetika, howpsuzlyk we medeniýet ugurlary boýunça işleýän, Türkmenistanyň we HHR-nyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça Toparyň döwletara gatnaşyklarynyň netjeli mehanizmi bolup durýandygy barada nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokarda agzalan Toparyň türkmen tarapynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň ikitaraplaýyn ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklary has hem güýçlendirilmegi barada pikir alyşmak üçin Hytaýa meýilleşdirilýän saparyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we dostlugyň berkidilmeginiň wajyplygyny tassykladylar.