TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy wezipesinde Türkmenistandaky işini tamamlaýan Ilçi Natalýa Drozd bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň derwaýyslygy bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝHHG bilen ylalyşykda Ýörite meýilnama kabul edilýär, onda ÝHHG-nyň işiniň esasy ugurlary boýunça anyk taslamalar kesgitlenilýär.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy howpsuzlygyň, ösüşiň we hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen Merkeziň täze başlangyçlarynyň derwaýyslygyny aýratyn nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Natalýa Drozda Türkmenistanyň we ÝHHG-nyň arasynda özarabähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirildi.