TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri Geri Koren bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ysraýyl döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda “C5+1” formatda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen Ysraýyl döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygyň usullaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu mesele boýunça pikir alyşdylar we agzalan formatyň çäklerinde potensial ugurly gatnaşyklar barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Diplomatlar şeýle-de ylym-bilim, lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.  

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça ikitaraplalaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ministriň orunbasarlary derejesinde yzygiderli syýasy maslahatlaşmalary we iki döwletiň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri derejelerinde duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini bellediler.