HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ VII MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň we HHR-niň wekiliýetleri Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeniň ýolbaşçylyk etmeklerinde howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we özara hereketleriň geljekki ugurlaryny beýan etdiler.

Taraplar kiçi komitetiň soňky mejlisinden bäri alnyp barlan işleriň netijelerine seretdiler, şeýle-de wekiliýetleriň agzalarynyň — iki döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hasabatlary diňlenildi.

Sebit howpsuzlygynyň, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitde howplara we wehimlere garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebit derejede BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýändigi bellenildi.

Maglumat we biologik howpsuzlyk babatda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen tarapynyň gyzyklanmasy beýan edildi. Tutuş sebitde bolup geçýän geosyýasy ýagdaýlary nazara almak bilen, Türkmenistan özüniň bitaraplyk derejesiniň çäklerinde howpsuzlygy berkitmek boýunça hytaý tarapy we halkara hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.

Mejlisiň ahyrynda taraplar Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.