TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER

2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdi.

Taraplar Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň tabşyryklaryna laýyklykda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmenistana boljak saparyna görülýän taýýarlyga aýratyn üns berildi.

Ministrler daşary syýasy edaralaryň arasynda özara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde taraplaryň gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Şeýle hem taraplar halkara formatlardaky hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygynyň ähmiýetini bellediler.