TÜRKMENISTAN «SPUTNIK LAÝT» SANJYMYNY HASABA ALAN DÖWLETLERIŇ ILKINJILERINIŇ BIRI BOLDY

Öň hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we onuň ulanylmagy üçin degişli şahadatnamany berdi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan «Sputnik V», «EpiWakKorona» we «Sputnik Laýt» ýaly rus sanjymlarynyň öz çäginde ulanylmagyny makullan döwletleriň ilkinjileriniň biri boldy.

Bu serişdeler bilen sanjym edilmegi ilatda immunitetiň tiz kemala getirilmegine mümkinçilik berer. Göni maýa goýumlaryň Rus gaznasynda (GMgRG) bellenilişi ýaly, «Sputnik Laýt» sanjymynyň netijeliligi takmynan 80% derejesinde bolup, ol iki düzümli beýleki sanjymlaryň täsirli görkezijilerinden ähmiýetli bolup durýandyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan iki düzümli «Sputnik V» sanjymynyň diňe özünden 600 müň dozasyny satyn aldy. Mundan başga-da, geljekde bu ugurly serişdeleriň satyn alynmagy boýunça hem tapgyrlaýyn işler dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy wirusologiýa merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, «Sputnik Laýt» sanjymynyň Türkmenistanda hasaba alynmagy bolsa, iki ýurduň ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek ulgamyndaky ysnyşykly özara gatnaşyklarynyň netijesi bolup durýar.