RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Mar

AŞGABATDA SAÝLAWLARA TAÝÝARLYK GÖRMEK WE OLARY GEÇIRMEK, SAÝLAW ÇÄRELERINIŇ GURAMAÇYLYGY MESELELERI BOÝUNÇA SEMINAR ÖZ IŞINE BAŞLADY

Paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda jemgyýetçilik hem-de KHBS wekilleri üçin «Saýlawlar we ÝHHG-nyň borçnamalary» atly tema boýunça seminar geçirildi we ony ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy, Ilçi Jon Mak-Gregor alyp bardy. Seminaryň işine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemg...

DOWAMY
1 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDA HER ÝYL GEÇIRILÝÄN MASLAHATLAŞMALARYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji martynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry başlandy.  Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu ýolbaşçylyk etdiler. Şeýle-de duşuşyga iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Çykyşla...

DOWAMY
29 Dek

TÜRKMENISTANDA 2022-NJI ÝYLYŇ «HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY» DIÝIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, mugallymlar we talyplar hem-de mili habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Türkmen...

DOWAMY
29 Dek

ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA ÖŇDEBARYJY TEJRIBELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik Merkeziniň bilermenleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň häsiýetlerini öwrenmek boýunça abraýly daşary ýurt edaralary bilen gepleşikleri ýola goýmak we netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen guraldy. Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara...

DOWAMY
28 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň däp bolan bu duşuşygyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Tü...

DOWAMY
28 Dek

SANKT-PETERBURGDA GDA-NYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILDI

Şu gün, 28-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Duşuşygyň barşynda GDA ýurtlarynyň Liderleri gün tertibiniň wajyp meselelerini, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilen şu ýylynyň esasy netijeler...

DOWAMY
28 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy. Türkmen döwletiniň Lideri sammitde çykyş edip, "Dialog - parahatçylygyň kepili" diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi. COVID-19 netijelerine garşy göreşi dowam etmegiň zerurlygyny nygtamak bile...

DOWAMY