RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Okt

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HIROSAKI UNIWERSITETINIŇ HORMATLY DOKTORY BOLDY

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Hirosaki Un...

DOWAMY
15 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYGY GEŇEŞINIŇ VII SAMMITINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 15-ne Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammiti geçirildi. Ýokary derejedäki çärä Türkiýäniň Prezidenti R.T.Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow, Wengriýanyň Premýer-ministri W.Orban, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti N.Nazarbaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary P.Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wek...

DOWAMY
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ITALIÝA IŞ SAPARY

2019-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2019-njy ýylyň noýabrynda meýilleşdirilý...

DOWAMY
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ, GAZAGYSTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇTARAPLAÝYN RESMINAMA GOL ÇEKDILER

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň arasynda üç döwletiň döwlet serhetleriniň kesişýän nokadynyň ýeri hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Daşary işler ministri R.Meredow, gazak tarapyndan - Daşary işler ministri M.Tleuberdi, özbek tarapyndan - Daşary işler ministri A.Kamilow tarapyndan gol çekildi....

DOWAMY
10 Okt

AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublik...

DOWAMY
13 Sen

AŞGABATDA GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI

2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasar...

DOWAMY
11 Sen

PREZIDENT GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ VI GURULTAÝYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Bu forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm meseleler, häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary we b...

DOWAMY