RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Noý

TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK KORPUSYŇ WEKILLERINIŇ AHAL WELAÝATYNDA ÝERLEŞÝÄN DÜZEDIŞ EDARASYNA SAPARY

2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna tanyşlyk sapary bilen bardylar. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasy...

DOWAMY
1 Noý

GAMBURGDA “MARGIANA -TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY” ATLY SERGISI

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ylym gurşawlarynyň wekilleri, german jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem türkemn diaspor...

DOWAMY
1 Noý

AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...

DOWAMY
30 Okt

AŞGABATDA HDHHG-YŇ UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ 23-NJI SESSIÝASY GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň we Daşary işler ministrliginiň gurnamagy esasynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň (HDGHGUK) 23-nji  mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri, BMG-niň Ýewropa üçin daşky...

DOWAMY
29 Okt

“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...

DOWAMY
25 Okt

AŞGABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ENERGETIKA BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ ALTYNJY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Energetika boýunça kiçi komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki ýurduň nebitgaz ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Kiçi komitetiň hytaý tarapynyň başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça Döwlet müdirliginiň başlygy j-p Li Fanžun boldy. Iki ýurduň wekiliýet ýolbaşçylary türk...

DOWAMY
24 Okt

HAZAR DEŇZI TESWIRNAMASYNYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERINIŇ 3-NJI MEJLISI

2018-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň 3-nji mejlisi geçirilýär. Maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşýarlar...

DOWAMY