SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA «BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR BAŞLADY
2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar başlady. Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan, hususan-da Owganystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Awstriýadan, ABŞ-dan, Wengriýadan, Günor...
MERKEZI AZIÝA SEBITINDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MAKSATNAMASYNYŇ (CAREC) ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy geçirildi. Çärä CAREC-e gatnaşyjy-ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Aziýa Ösüş Bankynyň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, CAREC maksatnamasynyň milli utgaşdyryjysy M.Serdarow ýolbaşçylyk etdi....
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ, TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ, TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GYRGYZ RESPUBLIKASYNDAKY WAKALAR HAKYNDA BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Doganlyk Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar bizde uly ynjalyksyzlyk döredýär. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşan ýakyn goňşular hökmünde biz Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarys. Gyrgyzystanyň ähli syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik toparlarynyň parahatçylygy we asudalygy üpjün e...
OWGANYSTAN – TÜRKMENISTAN – AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARY ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
menistanyň Hökümetleri tarapyndan Owganystan – Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlary birinji üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli neşir edildi. Tekstiň başy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň wekilleri 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda telekonferensiýa görnüşinde Owganystan – Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçtaraplaýyn duşuşygyna toplandylar. Duşuşyk ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýun...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, soňk...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADYNY PUGTALANDYRÝARLAR
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Teswirnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmar we türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öw...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji oktýbrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak hem-de strategik...