RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Sen

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA SYÝASATYNDA YNANYŞMAGY DIKELTMEGIŇ ÄHMIÝETINI NYGTADY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlady.  Hut şol gün-de hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy göni ýaýlymda goýberildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu sessiýasynyň kyn döwre gabat gelendigini belläp, Türkmen Baştutany, gynansak-da häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan,  halkara hukugynyň goraglylygyna täsir edýän harby-syýasy bäsdeşlik netijesinde emele gelen ählumumy halkara ýagdaýa t...

DOWAMY
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DÜNÝÄ YKDYSADYÝETINI DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNA ÇYKARMAK ÜÇIN PLATFORMALARY DÖRETMÄGE ÇAGYRDY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeligi BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda başlandy. Bu gün döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo çykyşlary goýberilip başlandy. Ilkinjileriň biri bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi. Türkmenistanyň Baştutany öz ýüzlenmesinde şu ýyl kyn döwri başdan geçirýän dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada aýdyp geçdi. Durnukly ösüş ma...

DOWAMY
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDAKY ÇYKYŞYNYŇ DOWAMYNDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY HEMMETARAPLAÝYN BERKITMÄGE ÇAGYRDY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 75-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeligi başlandy. Hepdeligiň dowamynda döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo-çykyşlary görkeziler. Şu gün, ilkinjileriň hatarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi. Döwlet baştutany öz çykyşynda halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny jikme-jik beýan etdi hem-de syýasy, durmuş-ykdysady we yns...

DOWAMY
22 Sen

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ ÝB BILEN ÖZARAHEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň özarahereketleriniň giň toplumy babatynda pikir alyşdylar. Hususan-da, taraplaryň soňky aýlarda dürli meýdançalarda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edild...

DOWAMY
18 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça işjeň ýagdaýda pikir alşyldy hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriniň derejesine garaldy. Taraplar hökümetara gatnaşyklarynyň ilerledilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm orny barada aýtdylar. Şeýle hem...

DOWAMY
17 Sen

AŞGABATDA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GAZAK TOPARYNYŇ NOBATDAN DAŞARY MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi boldy. Oňa Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyza gelen Premýer-ministri Askar Mamin gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä we sazlaşykly ösüşe eýedigini hem-de hyzmat...

DOWAMY
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi.   Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklara sarpa goýýarys hem-de olary ikitar...

DOWAMY