SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Almaty şäheriniň golaýynda «Bek Air» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetirmelerine getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar hem-de türkmen weki...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlandy. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşar. 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda, ýagny Türkmenistanyň GDA başlyklyk edýän ýylynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde bu resmi däl görnüşdäki duşuşygy geçirmeklik ylalaşyldy.
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORY A.WITORINO BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň merkezi edara binasynda, bu guramanyň Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada belläp geçdiler. Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi, adam söwdas...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “DEŇIZ GIŇIŞLIKLERINI ÇÄKLENDIRMELERIŇ ATLASYNYŇ” TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Deňiz giňişliklerini çäklendirmeleriň atlasy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, ylmy we okuw eda...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA NOBATDAKY YNSANPERWER KÖMEGINI BERDI
2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň ynsanperwer kömeginiň berilmegi — dostlukly ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara boldy. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň noýabrynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde b...
BOSGUNLAR BOÝUNÇA BIRINJI GLOBAL FORUMYNYŇ IŞINE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MIGRASIÝA GULLUGYNYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2019-njy ýylyň 17-18-nji dekabry aralygynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda geçirilýän Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň işine gatnaşýar. Foruma dünýäniň döwletleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri hem-de hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Ženewada geçirilýän Forumyň açylyş dabarasynyň b...