SOŇKY HABARLAR
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 17-nji martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Şol gün agşam belent mertebeli myhmanyň rezidensiýasynda onuň Bahreýniň işewürleri bilen duşuşugy geçirildi. 2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşa...
TÜRKMENISTAN WE BAHREÝN ÄHLI UGURLAR BOÝUNÇA ÖZARA GATNAŞYKLARY MUNDAN BEÝLÄK HEM GIŇELTMÄGE YGRARLYDYKLARYNY TASSYKLADYLAR
2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli wekiliýeti geldi. Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gutlag sözlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanow we Bahreýn Patyşalygy...
TÜRKMENISTANDA ISPANIÝANYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa şäheri) jenap Fernando Walderrama Pareha bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy we türkmen tarapyna myhmansöýerligi hem-de bu duşuşygyň ýokary derejeli guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle hem sebitde howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň möhüm...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG-HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Preziden...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «DÖM-NYŇ ÝAŞ ILÇILERI» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýerleşen Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan geçen ýyl yglan edilen «DÖM-nyň Ýaş ilçileri» atly bäsleşigiň ýeňijileri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda bäsleşigiň ýeňijilerine bu bäsleşikde gazanan ýeňişleri bilen baglylykda gutlaglar aýdyldy we Durnukly ösüş ma...
TÜRKMENISTANYŇ SUW, ULAG WE ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY UGAMLARYNDA GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen KHBS-niň wekilleriniň hem-de Ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň durnukly ulag, energetika we suw diplomatiýasy ulgamlarynda gazananlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ» HALKARA ULAG UGRUNYŇ DÖREDILMEGINIŇ TASLAMASY BOÝUNÇA DÖRTTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýörite duşuşygynyň gün tertibine «Gündogar-Günbatar» ykdysady hyzmatdaşlygynyň geografiki ugrunyň möhüm böle...